Türkmenistanyň we Polşanyň DIM-leri hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler

  • 20.06.2024 11:53
  • 5.8k+

Warşawada Türkmenistan bilen Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, polýak tarapyna Polşanyň daşary işler ministriniň orunbasary Marek Prawda ýolbaşçylyk etdi.

Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Şol bir wagtyň özünde, söwda-ykdysady we durmuş ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge aýratyn üns bermek bilen, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky özara taýýarlyk tassyklanyldy. Türkmenistan bilen Polşanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.
Duşuşygyň çäklerinde syýasy-diplomatik ugurda bilelikdäki işleri has-da işjeňleşdirmek maksady bilen 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnama gol çekildi.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) Komitetiniň Başlygy Miroslaw Antonowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......