Anjelina Joli we Deniel Redkliff teatr “Oskaryna” mynasyp boldular

  • 19.06.2024 23:47
  • 15k+

Nýu-Ýorkdaky Linkoln merkezinde 77-nji “Toni” baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirilip, onda 2023-2024-nji ýyl möwsüminde teatr sungatynda ýetilen iň gowy üstünlikler sylaglandy.

Şeýlelikde, Sýuzan Hintonyň adybir romanyna esaslanan “Kowulanlar” (“Изгои”) mýuzikli iň köp baýragyň eýesi boldy. Prodýuserleriniň biri hökmünde Anjelina Joli çykyş eden bu mýuzikl baş baýragy – “Iň gowy mýuzikl” baýragyny, şeýle-de dalaşgär görkezilen 12 kategoriýadan ýene üç kategoriýada heýkel aldy.
Norwegiýaly dramaturg Genrik Ibseniň 1882-nji ýyldaky pýesasyna esaslanýan “Halk duşmany” (“Враг народа”) sahnalaşdyrmasynda hakykat ugrunda göreşýän we korrupsiýanyň üstüni açýan doktor Tomas Stokmanyň keşbi üçin Jeremi Strong “Iň gowy aktýor” baýragyny aldy.
“Iň gowy aktrisa” amerikaly dramaturg Brenden Jeýkobs-Jenkinsiň tekstine esaslanan “Degişli” (“Надлежащие”) spektaklyndaky keşbi üçin Sara Polson boldy.
“Garri Potteriň” ýyldyzy Deniel Redkliff “Biz gidýäris, gidýäris, gidýäris” (“Мы едем, едем, едем”) sahnalaşdyrmasyndaky işi üçin “Mýuziklde ikinji plandaky iň gowy aktýor” baýragyna mynasyp boldy.
Abraýly “Toni” baýragy 1947-nji ýylda esaslandyryldy we her ýyl Amerikan teatr jemgyýeti tarapyndan berilýär. Baýrak kinematografiýa “Oskarynyň”, “Gremmi” aýdym-saz baýragynyň we“Emmi” telewizion baýragynyň teatr ekwiwalenti hasaplanýar. 


şu gün 08:01
339

“Jon Wik” äleminden Kain baradaky spin-off filminiň surata düşürilişi başlandy

“Jon Wik” franşizasynyň spin-offy bolan, ganhor Kain baradaky solo filmiň surata düşürilişi başlandy. Taslamany filmde baş keşbi janlandyrjak we režissýorlyk etjek aktýor Donni Ýen yglan etdi....

27.04.2026 22:20
3.9k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

27.04.2026 11:37
2.1k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....

26.04.2026 16:05
5.3k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......