Talyplaryň arasynda «Talyp joşguny – 2024» döredijilik festiwaly geçirildi

  • 19.06.2024 17:29
  • 5.8k+

«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilikli höwesjeň talyplarynyň arasynda «Talyp joşguny – 2024» döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, mugallymlary we talyplary ýaşlaryň döredijilik ylhamynyň baýramyna gatnaşdylar.

«Talyp joşguny» festiwaly her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýär. Çäre zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, sungata höwesini ýokarlandyrmaga we milli medeniýeti giňden ýaýmaga gönükdirilendir.
Döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyrynda ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlary we maý aýynda ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen saýlama tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýerine ýetirijiler çykyş etdiler. Festiwala gatnaşyjylar tomaşaçylara we janköýerlere sungatyň dürli görnüşlerinde – saz çalmakda, aýdym aýtmakda, tans etmekde, folklor, sahna çykyşlarynda we ş.m. ugurlarda öz ussatlygyny görkezdiler.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.8k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......