Balkan welaýatynyň ilaty üçin täze awtoulaglaryň 200-si hyzmat edip başlady

  • 18.06.2024 14:22
  • 13k+

Ýaponiýanyň önümi bolan täze «Toyota Coaster» kysymly orta synply, «Toyota Hiace» kysymly kiçi synply awtobuslaryň jemi 200 sanysy Balkan welaýatynyň ilatyna hyzmat edip başlady. Täze ulaglar şäherara we şäherýaka ugurlar, şeýle hem etrap merkezleridir şäherlerden dürli uzaklykda ýerleşýän obalar boýunça ýolagçylara hyzmat eder.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakynda Balkan welaýatyna iş sapary wagtynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine 2023-nji ýylda öndürilen täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-sini sowgat hökmünde gowşurdy.
Döwrebap awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Balkanabat şäherindäki awtomenzilde aýdym-sazly dabara geçirildi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......