Anside multfilmler festiwalynyň Gran-prisini “Ulitkanyň memuarlary” aldy

  • 18.06.2024 09:54
  • 3.1k+

Awstraliýaly režissýor Adam Elliotyň “Ulitkanyň memuarlary” (Мемуары улитки) animasion filmi Anside geçirilen Halkara animasion filmler festiwalynda Gran-pri-ni aldy. Bu barada Variety habar berýär.

Plastilin görnüşde öndürilen film ulitka ýygnaýjy ýalňyz gyz Greýs we garry aýal Pinkiniň peýda bolmagy bilen onuň durmuşynyň üýtgeýşi barada gürrüň berýär. Gahrymanlara Sara Snuk, Jeki Uiwer, Kodi Smit-Makfi we Erik Bana ses berdiler.
“Ulitkanyň memuarlary” Elliotyň 2009-njy ýylda Ansi festiwalynda baş baýraga mynasyp bolan “Meri we Maks” lentasy çykandan soň 15 ýylyň içinde ilkinji işidir.
Eminleriň baýragyny we tomaşaçy gyzyklanmalarynyň baýragyny Gints Zilbalodisiň “Akym” (Поток) multfilmi aldy. Film doly suw basan dünýäde galan pişik barada gürrüň berýär. Bu animasion film öň Kann festiwalynda “Aýratyn garaýyş” seksiýasynda hödürlendi.
Ýatlap geçsek, şu ýyl Ansidäki abraýly festiwala ilkinji gezek türkmen multiplikatorlarynyň işleri-de gatnaşdy. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” edarasy iki animasion filmi hödürledi: “Ýiten top” we “Meniň oýnum”.


düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......