Gresiýada ýaşy 4000 ýyl bolan adaty bolmadyk däp-dessur labirinti tapyldy

  • 17.06.2024 18:04
  • 8.2k+

Kritdäki Kastelion şäheriniň golaýynda täze howa menziliniň gurluşygyna taýýarlyk işleriniň barşynda arheologlar adaty bolmadyk tapyndynyň - labirinte meňzeýän 4000 ýyllyk daş desganyň üstünden bardylar. Bu barada Gresiýanyň Medeniýet ministrligine salgylanýan Phys.org habar berýär.

Bu täsin ýadygärligiň meýdany 1800 inedördül metr. Onuň ajaýyp köşkleri we freskleri bilen meşhur bolan Minoý siwilizasiýasynyň wekilleri tarapyndan gurlandygy çak edilýär.
Desga kiçeňräk otaglara bölünen çylşyrymly içki gurluşy emele getirýän, beýikligi 1,7 metre çenli bolan sekiz basgançakly diwarlardan ybarat. Labirint, megerem, konusly üçek bilen örtülen bolsa gerek.
Arheologlar labirintiň däp-dessurlar üçin ulanylandygyny çaklaýarlar, ol ýerden tapylan köp sanly haýwan süňkleri muňa şaýatlyk edýär.
Daşdan gurlan desgalary ulanmagyň esasy döwri miladydan öňki 2000-nji we 1700-nji ýyllar aralygy bolsa gerek, bu Knoss we Fest ýaly, Kritiň ilkinji köşkleriniň gurlan döwrüne gabat gelýär.


şu gün 08:10
953

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......