Huawei HarmonyOS hytaý bazarynda ilkinji gezek Apple-iň iOS-yndan öňe geçdi

  • 17.06.2024 18:29
  • 6.3k+

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Huawei-iň HarmonyOS operasion ulgamy Hytaýyň bazaryndaky paýy boýunça Apple-iň iOS-yndan öňe geçdi. Bu barada Gizmochina habar berýär.

Counterpoint Research barlag kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, HarmonyOS Hytaýda iň köp ulanylýan ykjam operasion ulgamyna öwrüldi, onuň bazardaky paýy 17%-e ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, iOS-yň paýy 20% -den 16% -e düşdi, bu 2019-njy ýylyň birinji çärýeginden bäri ilkinji pese gaçyşdyr.
HarmonyOS-yň ösüşi Apple-iň önümleri bilen gönüden-göni bäsleşýän 5G goldawly täze Huawei smartfonlarynyň çykmagy bilen baglanyşyklydyr. HarmonyOS-yň dünýädäki paýy hem, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse artyp, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde 4%-e ýetdi.
Şol bir wagtyň özünde, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, birneme peselendigine garamazdan, Android-iň dünýä bazaryndaky paýy 77%-ligine galdy. iOS-yň paýy hem 23%-den 19%-e çenli peseldi. Bu, Counterpoint-iň pikirine görä, iPhone-a bolan islegiň möwsümleýin üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr.


düýn 11:17
4.1k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....