Mask adamlary robotlar bilen çalşar: 2025-nji ýyla çenli zawodlara 1000-den gowrak Optimus geler

  • 17.06.2024 18:18
  • 8.1k+

Tesla öz zawodlaryna gumanoid robotlary köpçülikleýin ornaşdyrmaga taýýarlanýar. 2025-nji ýyla çenli 1000-den gowrak Optimus gumanoid robotynyň elektrikli awtoulag önümçiliginde işe başlajakdygyny kompaniýanyň başlygy Ilon Maskyň beýanatyna salgylanýan Electrek neşiri habar berýär.

Telekeçiniň sözlerine görä, Tesla Optimus-yň özüne düşýän bahasy 10 000 dollar, ýöne ol 20 000 dollara satylar. Kompaniýa 2025-nji ýylda satylyp başlanmagy meýilleşdirilýän robotlardan milliardlarça dollar girdejä garaşýar. Ilki bilen B2B satuwy barada aýtsak, Tesla beýleki kompaniýalary önümçilikde işletmek üçin niýetlenen robotlar bilen üpjün eder.
Mask 2025-nji ýyla çenli dünýä bazarynda gumanoid robotlaryň sanynyň ýylda 1 milliard birlige ýetjekdigini çaklaýar. Tesla bazaryň 10 göterimini eýelemegi göz öňünde tutýar, bu bolsa kompaniýanyň bazar kapitalizasiýasyny 3 trillion dollara, geljekde bolsa 25-30 trillion dollara çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.


23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

18.04.2026 16:22
4.3k+

Niderlandlar Ýewropada ilkinji bolup jemgyýetçilik ýollarynda Teslanyň awtopilot ulgamyny ulanmaga rugsat berdi

Niderlandlar “Tesla” kompaniýasynyň awtopilot ulgamyny jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat beren ilkinji Ýewropa ýurdy boldy. Bu barada Reuters habar berýär....

02.04.2026 21:00
3.1k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......

14.03.2026 23:33
4k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...