Deňiz Stounhenjiniň syry aýan boldy. Bu tomsy “gaýtarmak” däbi eken

  • 17.06.2024 18:34
  • 13k+

Arheologlar Angliýanyň Norfolk kenarynda ýerleşýän gadymy desganyň syryny açdylar. Stounhenje meňzeş bolan ýadygärlik “Sihenj” (Seahenge) diýlip atlandyrylýar. Alymlaryň pikiriçe, desgalaryň ikisi-de gadymy britaniýalylar tarapyndan, takmynan, 4000 ýyl mundan ozal güýçli sowuk döwründe tomsy yzyna gaýtarmak üçin gurlupdyr.

Sihenj merkezinde dub töňňesi bolan 7,5 metr diametrli 55 sany dik pürsden ybarat süýrümtik şekildir, pürslerden düzülen ikinji aýlaw bolsa onuň golaýynda ýerleşýär.
Arheolog Dewid Nensiň maglumatlaryna görä, şeýle desgalar şol döwür üçin häsiýetli bolan ýowuz sowuk howany soňlamaga gönükdirilen däp-dessurlar üçin ulanylan bolsa gerek.
Nens Sihenjiň gurluşynyň gulp astyna salnan ikatýok baradaky rowaýatda aýdylan kapasany ýada salýandygyny belleýär. Rowaýata görä, tomsy uzaltmak üçin gyzyletene ikatýogy tern agaçlygyna ýerleşdiripdirler.
“Ýadygärlikleriň ikisi-de dürli wezipeleri ýerine ýetiripdir, ýöne maksat bir bolupdyr: aýazly sowuk howanyň soňuna çykmak... Halk döredijiligine görä, tomusda günüň gysgalýan wagty ikatýok (hasyllylygyň nyşany) saýramagyny bes edip, beýleki bir dünýä dolanyp, tomsy özi bilen alyp gider eken. Sihenj pürsleriniň kesgitlenen senesi olaryň ýazda çapylandygyny we tomusda günüň gysgalýan döwründe Günüň dogmagyna gönükdirilendigini görkezdi” – diýip, arheolog belleýär.
Gözlegiň netijeleri
Geojournal ylmy žurnalynda çap edildi.


şu gün 22:30
0

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

düýn 08:10
4.9k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....