Amazon geljek 15 ýylyň dowamynda Aziýa milliardlarça dollar maýa goýum amala aşyrar

  • 16.06.2024 01:42
  • 4k+

Tehnologiýa ägirdi Amazon-yň bulut hasaplaýyş bölümi bolan Amazon Web Services (AWS) ýakyn 15 ýylda Taýwanda maglumat merkezlerini gurmak üçin milliardlarça dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada The Wall Street Journal habar berýär.

Taýwanda ilkinji AWS maglumat merkezi 2025-nji ýylyň başynda işe başlar. Maýa goýumlar kompaniýanyň Aziýada dünýä gatnaşygyny giňeltmäge we sebitdäki bulut hyzmatlaryna barha artýan islegi kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.
Kompaniýanyň bellemegine görä, täze infrastruktura müşderilere maglumatlary ygtybarly saklamaga we Taýwanda ýerleşýän maglumat merkezlerinden pes gijikdirilen iş ýüklerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.
Amazon-yň bu ädimi tehnologiýa pudagynda bulut hyzmatlaryna islegiň artýan döwrüne gabat geldi. Kompaniýanyň Aziýadaky bulut infrastrukturasyny giňeltmek karary global tehnologiýa landşaftynda sebitiň ähmiýetiniň barha artmagyna gabat gelýär. Ozal AWS Singapurdaky bulut hyzmatlaryny giňeltmek üçin 9 milliard dollar, Ýaponiýada bulut kuwwatyny artdyrmak üçin 15 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.


03.03.2026 13:28
649

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

31.01.2026 09:16
959

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

18.01.2026 19:47
2.1k+

Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular...