1,5 milliondan gowrak zyýaratçy haj parzyny berjaý etmek üçin Mekgä geldi

  • 15.06.2024 17:44
  • 17k+

Dünýäniň dürli künjeginden 1,5 milliondan gowrak musulman zyýaratçy haj parzyny berjaý etmek üçin Mekgä geldi. Bu barada Associated Press habar berýär. Şu ýyl zyýaratçylaryň umumy sanynyň 2 million adamdan geçmegine garaşylýar.

Haj 14 – 19-njy iýunda geçiriler. Anna güni zyýaratçylar tawaf berjaý etdiler, ýagny Mekgede al-Haram metjidiniň howlusynda ýerleşýän mukaddes Käbäniň daşyndan sagat diliniň garşysyna aýlandylar.
Saud meteorologlary haj döwründe yssy howanyň iň ýokary derejä – 48 gradusa ýetip biljekdigini duýdurýarlar. Şeýle-de, hünärmenler tizligi 2,7 m/s-den 10 m/s-e çenli bolan şemal barada habar berdiler.
Haj her ýyl yslamyň esasy mukaddesligi Käbäniň ýerleşýän ýeri bolan Mekgä zyýaratdyr. Ol musulmanlaryň Aý senenamasynyň on ikinji aýynyň başynda amal edilýär. Fiziki saglygy we maliýe ýagdaýy bolan dine ynanýan her bir musulman ömründe, iň bolmanda, bir gezek haj parzyny berjaý etmeli diýlip hasaplanýar.


22.04.2026 15:42
10k+

Saud Arabystany Mekgä girmegiň düzgünlerini güýçlendirdi we jerimeleri girizdi

Saud Arabystanynda «Haj—2026» möwsümini geçirmegiň täze düzgünleri güýje girdi. Hökümet tarapyndan tassyklanan täze düzgünlere görä, 13-nji aprelden başlap, Mekge şäherine girmäge diňe ýörite ygtyýarnamasy......

20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...