Russiýaly derwezeban Matweý Safonow “PSŽ-ä” geçdi

  • 15.06.2024 17:29
  • 10k+

“Krasnodaryň” we Russiýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Matweý Safonow “Pari Sen-Žermene” geçdi. Fransuz kluby 25 ýaşly derwezeban bilen 2029-njy ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi.

Transferiň bahasy 20 mln ýewro boldy, bu hem ony Ýewropa klublaryna geçen russiýaly oýunçylaryň arasynda üçünji gymmat oýunça öwürýär. Ondan öňde diňe Aleksandr Golowin (“Monako”, 30 mln, 2018-nji ýyl) we Ýuriý Žirkow (“Çelsi”, 21 mln, 2009-njy ýyl) bar.
Safonow “Krasnodaryň” ýetişdiren oýunçysy bolup, toparyň düzüminde Russiýanyň çempionatynyň iki gezek bürünç we bir gezek kümüş medalynyň eýesi boldy. Ol “PSŽ-de” Ýewro-2020-niň çempiony, häzirki esasy derwezeban Janluiji Donnarummanyň bäsdeşi bolar.
Safonowyň “PSŽ-ä” geçmegi garaşylýan wakady. Derwezeban bilen klubuň arasyndaky ylalaşyk barada maý aýynyň ahyrynda habar berildi. 


düýn 23:46
975

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......