Serdar Berdimuhamedow «Türkmenstandartlary» gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady

  • 15.06.2024 17:17
  • 15k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow standartlaşdyrmak we metrologiýa ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan pudak edaralarynda ulanylýan ölçeg serişdelerini döwürleýin deňeşdirme barlagyndan geçirmek babatda görülýän çäreler hakynda aýdyldy. Wise-premýer bu ugurdaky işleriň “Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda geçirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Serdar Berdimuhamedow halkara standart talaplaryna laýyklykda, metrologiýa ugry boýunça ölçeg serişdeleriniň döwürleýin deňeşdirme barlagyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere öňde durýan wezipeleri çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....