Siril Ramafosa GAR-yň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

  • 15.06.2024 15:40
  • 3k+

Siril Ramafosa GAR-yň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy. Ol Milli assambleýanyň täze düzüminiň birinji mejlisinde deputatlardan 283 ses aldy, bu hem onuň ýeňiş gazanmagyny üpjün etdi diýip, TASS habar berýär.

Ramafosanyň garşydaşy “Ykdysady azatlyk ugrunda söweşijiler” partiýasynyň lideri Julius Malema boldy. Ol 44 ses aldy.
“Afrikanyň milli kongresi” partiýasynyň lideri Ramafosanyň gaýtadan saýlanmagy GAR-yň ak azlygynyň bähbitlerine wekilçilik edýän öňki oppozision Demokratik birleşiginiň goldawy bilen mümkin boldy. Ondan öň, ählumumy saýlawlaryň netijesi boýunça, AMK özbaşdak hökümet döretmek we öz liderini GAR-yň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlamak üçin zerur bolan deputat ornuny alyp bilmändi.
Ramafosanyň kasam kabul ediş dabarasy 19-njy iýundan gijä galman geçiriler. 


07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...