Ýewro-2024-üň açylyş oýnunda Germaniýa Şotlandiýany uly hasap bilen ýeňdi

  • 15.06.2024 09:03
  • 14k+

Germaniýa Şotlandiýany 5:1 hasabynda ýeňip, öz ýerinde geçirilýän Ýewro-2024-e ynamly başlady.

Çempionatyň açylyş oýnunda nemes toparynyň düzüminde Florian Wirs (10), Jamal Musiala (19), Kaý Hawerts (45+1, pen.), Niklas Fýullkrug (68) we Emre Jan (90+3) tapawutlandy.
Birinji ýarymyň ahyrynda, hasap 2:0 wagtynda, oýnuň esasy emini Kleman Týurpen jerime meýdançasynyň çäginde Ilkaý Gýundogana garşy jerime edendigi üçin Şotlandiýanyň goragçysy Raýan Porteusa gyzyl duýduryş berdi. 11 metrlik jerime urgusyny Kaý Hawerts dürs ýerine ýetirdi.
Şotlandiýalylar ýeke-täk goly 87-nji minutda geçirdiler. Goly nemes ýygyndysynyň goragçysy Antonio Rýudiger öz derwezesine geçirdi.
Ýewropa çempionatlarynyň taryhynda ilkinji gezek ýaşy 22-ä ýetmedik iki oýunçy bir ýygyndy üçin bir duşuşykda gol geçirdiler. Nemes oýunçylary Jamal Musiala we Florian Wirs 21 ýaşlarynda.


düýn 16:49
5.2k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.5k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.1k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.4k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....