Türkmenistanda Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekildi. 19-njy iýunda hem dynç alnar

  • 14.06.2024 22:36
  • 39k+

Türkmenistanda üç günläp, ýagny 16-17-18-nji iýunda Gurban baýramy bellenilip geçiler. 16-njy iýundaky dynç güni bolsa 19-njy iýuna — çarşenbe gününe geçiriler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde bellenip geçildi.

14-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurban baýramyny bellemek we 16-njy iýundaky dynç gününi 19-njy iýuna geçirmek baradaky Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy 2024-nji ýylyň 16-17-18-nji iýunynda belleniler.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň 16-njy iýunyndaky dynç güni 19-njy iýuna – çarşenbe gününe geçirildi.
Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün eder.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....