Disney filminde Moananyň keşbini 17 ýaşly awstraliýaly Ketrin Laga’aýa janlandyrar

  • 14.06.2024 16:30
  • 12k+

17 ýaşly awstraliýaly aktrisa Ketrin Laga’aýa 2016-njy ýylyň “Moana” multfilmine esaslanýan Disney-iň adybir filminde Moananyň keşbini aldy. Bu barada Variety habar berýär.

Asly samoaly aktrisa ýaş gahrymanyň, Ýuwaş umman adasynda ýaşaýan taýpanyň serdarynyň gyzynyň obrazyny janlandyrar.

“Men bu keşbi alandygyma örän begenýärin, Moana – meniň gowy görýän keşplerimiň biri. Meniň üçin Samoanyň we Ýuwaş umman sebitiniň beýleki halklarynyň adyndan çykyş etmek, ekranda maňa meňzeş gyzlary görkezmek uly hormat” – diýip, aktrisa belledi.

Şeýle-de, aktýorlar düzüminde Dueýn Jonson ýarymhudaý Mauiniň, täze zelandiýaly aktýorlar Jon Tui bilen Frenki Adams Moananyň kakasynyň we ejesiniň, Rina Ouen bolsa enesiniň keşbini ýerine ýetirer.
Filmiň surata düşürilişi 2024-nji ýylyň tomsunda başlar, premýera 2026-njy ýylyň 10-njy iýulyna meýilleşdirilýär.


düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......