Awstraliýaly suwda ýüzüji 200 m aralyga erkin usulda ýüzmekde täze rekord goýdy

  • 14.06.2024 15:33
  • 7.7k+

Iki gezek Olimpiýa çempiony Ariarne Titmus Brisbende geçirilen Olimpiadadan öňki ýaryşda 200 m aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Ol bu aralygy 1 minut 52,23 sekuntda ýüzüp geçdi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Öňki rekord onuň watandaşy Molli O’Kallagana degişlidi, ol rekordy 2023-nji ýylyň iýul aýynda sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionatynda goýdy (1.52,85). Brisbende hem O’Kallagan bu ýüzüşde özüniň iň gowy netijesini has gowulandyryp, 1.52,48 wagty görkezdi, ýöne Titmusdan öňe geçip bilmedi.
23 ýaşly Titmus Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek çempiony we dört gezek dünýä çempionydyr. Ol 400 m aralyga erkin usulda ýüzmekde-de dünýä rekordynyň eýesidir (3.55,38).


05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......