“Aý ýörişi” ejeňize jaň edýär: Samsung smartfony dolandyrmak üçin krossowka hödürledi

  • 14.06.2024 15:17
  • 12k+

Samsung kompaniýasy aýak hereketleriniň kömegi bilen smartfony dolandyrmaga mümkinçilik berýän Shortcut Sneaker atly özboluşly krossowkalary hödürledi. Bu barada IXBT habar berýär.

Krossowkalar döredijilik agenti Cheil Benelux, dakylýan elektronikany işläp düzüji Elitac Wearables, gollandiýaly kompaniýa Brut Amsterdam we krossowka dizaýneri Roel wan Hoff bilen hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlandy.
Shortcut Sneaker aýakgap dabanynda aýaklaryň üýtgeşik hereketleri arkaly Samsung telefonynda belli bir hereketleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän hereket datçikleri bilen üpjün edilendir. Mysal üçin, bellibir sazlamadan soň, “Aý ýörişi” ejeňize jaň edip biler, çeçýotka tansy bolsa aýdymy aýtdyryp biler.
Ulanyjylar indiwidual hereketleriň kömegi bilen telefonda bäş dürli hereketiň ýerine ýetirilmegini sazlap bilerler.
Gynansak-da, Shortcut Sneaker diňe çäkli tiražda – bary-ýogy alty jübüt çykarylýar. Bu krossowkalar 2024-nji ýylyň 9-njy iýulyna çenli Niderlandlarda diňe Samsung Members programmasyny ulanyjylaryň arasynda ýeňijini saýlamak esasynda berler. Samsung ýeňijini iýulyň ikinji hepdesinde yglan eder.


25.06.2026 11:01
3.9k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......