BMG-niň Bütindünýä ummanlar güni mynasybetli geçirilen foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi (Foto)

  • 14.06.2024 12:10
  • 5.4k+

BMG-niň Bütindünýä ummanlar güni mynasybetli planeta üçin ummanyň ähmiýetine we ony goramagyň zerurlygyna bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän 11-nji foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşik BMG-niň Hukuk meseleleri boýunça edarasynyň howandarlygynda geçirildi.

Bäsleşik DivePhotoGuide, Oceanic Global täjirçilik däl guramasy we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde geçirilýär.
Şu ýyl bäsleşikde dünýäniň dürli künjeginden 2500-den gowrak surat hödürlendi. Fotograflardan we daşky gurşawy goramak boýunça hünärmenlerden ybarat eminler bäş kategoriýada ýeňijileri saýladylar: “Täze çuňluklaryň oýanmagy”, “Suwasty deňiz peýzažlary”, “Kiçi ösüp barýan ada döwletleri”, “Uly we kiçi suwasty jandarlar”, “Suwüsti deňiz landşaftlary”.
Ýeňijilere gymmatly baýraklar we şahadatnamalar gowşurylar, olaryň işleri BMG-niň çärelerinde görkeziler.
Foto bäsleşigi BMG-niň umman meseleleri barada habardarlygy ýokarlandyrmak we adamlary olaryň çözülmegine gatnaşmaga ruhlandyrmak boýunça tagallalarynyň möhüm bölegidir.


11.06.2026 12:12
8.4k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

24.05.2026 15:32
3.9k+

BMG: Afrikanyň paýyna dünýädäki jaý maliýeleşdirilmeleriniň 3%-denem az bölegi düşýär

Baku şäherinde geçirilen Bütindünýä şäherler forumynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Amina J. Mohammed örän möhüm maglumaty mälim etdi. Maglumata görä, dünýä boýunça şäher ilatynyň takmynan 20%-iniň......