2014-nji ýylyň Camry-si soňky 10 ýylda Toyota-nyň iň ygtybarly awtoulagy bolup çykdy

  • 14.06.2024 11:57
  • 22k+

HotCars neşiriniň geçiren barlagyna görä, Toyota Camry 2014 (halk arasynda "palta Kemri" diýlip tanalýar) soňky on ýylda ýapon öndürijisiniň iň ygtybarly modeli boldy. Sanaw ygtybarlylyk görkezijilerini, seslenmeleriň sanyny, müşderileriň arz-şikaýatlaryny we barlaglary göz öňünde tutup, JD Power, NHTSA we cars.com-yň maglumatlaryna esaslanýar.

Camry JD Power-iň ygtybarlylyk sütüninde 100-den 88 bal aldy. Ikinji orny 87/100 bal bilen Toyota Venza 2014 maşgala krossoweri, üçünji orny bolsa ykjam Toyota C-HR (85/100) şäher krossoweri eýeledi.
HotCars tehniki hyzmatyň çykdajylaryny, geçen iň ýokary aralygyny, seslenmeleriň sanyny we NHTSA-nyň barlaglaryny göz öňünde tutdy.
Adatça, Toyota dünýäde iň ygtybarly awtoulag öndürijileriň biri hasaplanýar. Soňky iki onýyllygyň dowamynda kompaniýa bu görkeziji boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär.

Soňky onýyllygyň iň ygtybarly Toyota awtoulaglary:

  • Toyota Camry 2014;
  • Toyota Venza 2014;
  • Toyota C-HR 2020;
  • Toyota Corolla 2016;
  • Toyota RAV4 2018;
  • Toyota Avalon 2018;
  • Toyota Prius 2017;
  • Toyota Tacoma 2022;
  • Toyota Tundra 2021;
  • Toyota Sienna 2016.

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......