Ekinleri süýji suw ýetmezçiliginden goramagyň usuly tapyldy

  • 14.06.2024 11:55
  • 11k+

Gurakçylyk oba hojalygynyň ekinlere uly zyýan ýetirýän esasy duşmanlaryndan biridir. Tomsk döwlet uniwersitetiniň Biologiýa institutynyň (TGU) we Belarusyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Bioorganiki himiýa institutynyň alymlary galla ekinlerini suw ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýan sarsgynlardan goramagyň geljegi uly usulyny tapdylar.

Barlagçylar ösümlikleriň guraklyga garşy durnuklylygyny ýokarlandyrjak gural hökmünde tebigy fitogormonlary - brassinosteroidleri ulanýarlar. Arpa tohumlaryny brassinosteroidler bilen öňünden işläp bejermek gurakçylyk şertlerinde ösümligiň biomassasyny gorap saklamaga we ösümlikleri sarsgyndan goraýan antioksidant fermentleriň işjeňligini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Bu usulyň birnäçe artykmaçlygy bar:
Daşky gurşawa zyýansyz: brassinosteroidler tebigy ösümlik gormonlaryna meňzeýär we daşky gurşawa zyýan bermeýär.
Tygşytly: tohumy işläp bejermeklige, ösümlikleri suwarmaklyga ýa-da olara derman pürkmeklige garanda, has az gormon erginini talap edýär.
Netijeli: teklip edilýän usul gurakçylyk şertlerinde-de hasyly saklap galmaga mümkinçilik berýär.
Barlagçylaryň işiniň netijeleri Plants (Q1) žurnalynda çap edildi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....