“Ýüzükleriň hökümdary: Rohirrimleriň söweşi” animesi çykarylýar

  • 14.06.2024 11:25
  • 2.8k+

“Ýüzükleriň hökümdary” trilogiýasy bilen tanalýan täze zelandiýaly režissýor Piter Jekson “Ýüzükleriň hökümdary: Rohirrimleriň söweşi” (“Властелин колец: Война рохирримов”) anime-filminiň ýerine ýetiriji prodýuseri boldy. Bu barada, Screen Daily habar berdi.

Jon R.R.Tolkiniň eserlerine esaslanan filmde asyl trilogiýa tanyş bolan taryhdan 183 ýyl ozal bolup geçen wakalar barada gürrüň berler.
Täze filmiň sýužeti Rohanyň gyzy Geranyň töwereginde bolup geçýär. Ol kakasy bilen bilelikde basybalyjylar goşunyndan öz patyşalygyny goraýar.
Filme Kendzi Kamiýama režissýorlyk edip, onuň ssenarisi Fibi Gittins we Arti Papageorgiu tarapyndan ýazyldy.
“Ýüzükleriň hökümdary: Rohirrimleriň söweşi” 2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda teatrlarda görkeziler.


düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......