“Ýeke özi öýde” filmi düşürilen öý 5,25 million dollara satyldy

  • 14.06.2024 10:45
  • 15k+

“Ýeke özi öýde” roždestwo komediýasy düşürilen öý 5,25 million dollara satyldy. Çikagonyň eteginde ýerleşýän öý satuwa çykarylandan soň bir hepde geçmänkä täze eýesini tapdy diýip, Realtor.com portaly habar berýär.

Ady aýan edilmedik alyjy ösen infrastrukturasy: gowy mekdepleri, suwa düşülýän kenarlary, seýilgähleri, dükanlary we restoranlary bolan abraýly ýerden jaýly boldy.
Gozgalmaýan emläk boýunça hünärmenler öýüň  bahasynyň ýokary bolmagy diňe bir ululygy we içiniň baý goş-golamy däl-de, eýsem, meşhurlyk derejesi bilen hem şertlenýändigini bellediler.
“Kewin MakKallisteriň öýüniň” 2018-nji ýylda durky täzelendi we giňeldildi. Indi onda gurme-aşhana, ikinji otag, kinoteatr we hatda öý basketbol meýdançasy hem peýda boldy.
TmCars ozal “MakAllisterleriň öýüniň” durky barada habar beripdi.


düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......