Hytaýda täze Nissan Pathfinder çykdy

  • 13.06.2024 14:34
  • 11k+

Dongfeng Nissan bilelikdäki kärhanasy diňe Hytaýyň bazaryna çykjak täze Nissan Pathfinder-i hödürledi. Awtoulag üç bezeg derejesinde hödürlenýär we öňkülerinden diňe 6 orunlyk salony we tigirleri doly hereketli däldigi bilen tapawutlanýar diýip, Autohome ýazýar.

Täze Pathfinder 252 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisi we 9 tizlikli ZF awtomatiki geçiriş bilen enjamlaşdyrylandyr. Awtoulagyň ölçegleri 5130 x 1981 x 1767 mm, tigir bazasy - 2900 mm.
Enjamlaryna iki sany uly ekran, Nissan Connect Super Intelligent Connection 2.0 ykjam enjam birikdirme ulgamy, sürüjilere kömegiň  dürli ulgamlary, üç zolakly howa gözegçiligi, ýükdanyň elektrikli gapagy, işjeň ses peseltmek ulgamy, deri salony we beýleki opsiýalary girýär.
Hytaýda täze Pathfinder-iň bahasy 33,5 müň dollardan başlaýar, ýöne ilkinji alyjylar bu ulagy 30,2 müň dollara satyn alyp bilerler.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....