Apple dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. Paýnamalar WWDC tanyşdyrylyşyndan soň ýokarlandy

  • 13.06.2024 13:49
  • 5.4k+

Apple kompaniýasynyň bazar bahasy 3,33 trln dollara ýetdi, bu hem ony dünýäniň iň gymmat kompaniýasyna öwürdi. Ol Microsoft korporasiýasyndan öňe geçdi. Kompaniýanyň paýnamalary her ýyl geçirilýän WWDC konferensiýasyndan soň gymmatlady. Tanyşdyrylyşda kupertinoly kompaniýa emeli aňyň esasynda birnäçe täze funksiýalary hödürledi, şeýle-de OpenAI bilen hyzmatdaşlygy yglan etdi.

Microsoft-yň bazar bahasy habar ýazylan wagty 3,26 trln dollara barabardy. Iň gymmat kompaniýalaryň sanawynda üçünji orny 3,09 trln dollar bilen Nvidia eýeleýär.
Öň, Microsoft, Nvidia we Apple kompaniýalarynyň 2000-nji ýyldan bäri ilkinji gezek S&P 500 indeksiniň bahasynyň 20%-den gowragyny emele getirýändigi habar berildi. Bu üç paýnamanyň indeksi düzýän beýleki ýüzlerçe kompaniýadan has gymmatdygyny aňladýar.
Maýadarlar bazardaky şeýle baha konsentrasiýasy babatda howatyrlanýarlar. Fairlead Strategies-iň esaslandyryjysy Keti Stokton üç kompaniýanyň güýçlenmegi beýleki pudaklaryň gowşakdygyny görkezýär diýip hasaplaýar.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....