Türkmenistanyň DIM-inde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi

  • 13.06.2024 07:15
  • 2.6k+

11-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberis bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-nyň dürli ugurlardaky özara gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem HGHK-nyň sebitiň çäklerinde, hususan-da, Türkmenistanda häzirki wagtda alyp barýan işlerine gysgaça syn berildi.
Şunuň bilen baglylykda söhbetdeşler HGHK-nyň milli hyzmatdaşlarynyň halkara ynsanperwer hukugy ugrundaky mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga we artdyrmaga gönükdirilen işjeň çäreleriniň ähmiýetini nygtadylar, şeýle hem bu guramanyň ýaşlar bilen alyp barýan netijeli işlerini belläp geçdiler.
Türkmen tarapy wekile ýurtda halkara ynsanperwer hukugyny öňe sürmek we ilerletmek ugrundaky hyzmatdaşlyk, şeýle-de HGHK-nyň Türkmenistandaky edarasynyň halkara ynsanperwer hukugy boýunça bilimleri ýaýratmak ugrunda alyp barýan işjeň çäreleri üçin hoşallyk bildirdi.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....