Gazagystanda Madridiň “Atletikosynyň” futbol akademiýasy peýda bolar

  • 13.06.2024 06:54
  • 11k+

Gazagystanyň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew Madridiň “Atletiko” futbol klubunyň prezidenti Enrike Sereso Torres bilen duşuşdy. Olar ýurtda ispan klubunyň futbol akademiýasyny açmak meselesini maslahatlaşdylar diýip, Kazinform Akordanyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Tokaýew Gazagystanda futboly ösdürmegiň möhümdigini nygtap, Madridiň “Atletikosyna” öz tejribesi bilen paýlaşmaga taýýarlygy üçin minnetdarlygyny bildirdi. Gazagystanyň lideri geljekki akademiýany döretmegiň taslamasy bilen tanşyp, döwletiň futboly ösdürmäge gönükdirilen bu başlangyjy hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny aýtdy.
Respublikanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurtda sportuň bu görnüşine aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda sport mekdeplerinde we seksiýalarynda 40 müňe golaý çaga meşgullanýar, infrastruktura kämilleşdirilýär, täze stadionlar gurulýar.
Sereso Torresiň aýtmagyna görä, Madridiň “Atletikosynyň” akademiýalary eýýäm dünýäniň köp ýurtlarynda hereket edip, ýaş futbolçylara we geljekki tälimçilere öňdebaryjy usulyýetleri we professional bilimi hödürleýär. Klubuň ýolbaşçysy Kasym-Žomart Tokaýewe Madrid toparynyň oýunçylarynyň awtograflary bolan köýnekçäni sowgat etdi.
Täze akademiýa Almaty welaýatynyň Talgar şäherindäki Akbulak Olimpiýa merkeziniň bazasynda ýerleşer.
Belläp geçsek, Madridiň “Atletikosy” Ispaniýanyň iň köp titula eýe bolan professional futbol klublarynyň biridir. Klub 1903-nji ýylyň 26-njy aprelinde esaslandyryldy.


şu gün 11:36
2.9k+

«Býörnli» APL-dan aşaky liga düşse-de, çempion bolan «Barselonadan» köp gazanar

Angliýanyň Premýer-ligasynda 19-njy orny eýelän «Býörnli» kluby Çempionşipe düşer we möwsümiň netijeleri boýunça töleg hökmünde takmynan 50 million funt sterling (57,5 million ýewro) alar....

düýn 09:55
4.2k+

«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi....

20.05.2026 23:01
7.1k+

Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak......

18.05.2026 21:08
6.6k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....