«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

  • 21.05.2026 09:55
  • 4.9k+

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi.

Aýgytlaýjy duşuşyk 3:0 hasabynda tamamlandy. Gollary öz adyna Ýuri Tilemans (41-nji minut), Emiliano Buendiýa (45+3) we Morgan Rojers (58) ýazdy.

«Aston Willa» soňky gezek Ýewrokubok ýaryşlarynda baýragy 1982-nji ýylda alypdy — şol wagt klub Ýewropa çempionlarynyň kubogynyň (häzirki Çempionlar ligasy) finalynda «Bawariýany» 1:0 hasabynda utdy.

Şeýle-de, klub 2001-nji we 2008-nji ýyllarda Intertoto kubogyny gazanypdy. Bu ýaryş UEFA tarapyndan 1995-2008-nji ýyllar aralygynda Çempionlar ligasyna ýa-da UEFA kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedik Ýewropa klublarynyň arasynda geçirilen tomusky futbol ýaryşydyr.

«Fraýburg» topary bolsa öz taryhynda ilkinji gezek Ýewrokubogyň finalynda oýnady. Mundan ozal bu toparyň iň ýokary görkezijisi 1/8 finala (2023 we 2024-nji ýyllarda) çykmak bolupdy.

«Aston Willanyň» baş tälimçisi Unai Emeri üçin Ýewropa ligasyndaky bu ýeňiş onuň karýerasyndaky bäşinji kubok bolup, onuň şahsy rekordyny täzeledi. Ol mundan ozal bu ýaryşda «Sewilýa» (2014, 2015, 2016) we «Wilýarreal» bilen (2021) ýeňiji bolupdy. 2019-njy ýylda bolsa Londonyň «Arsenal» topary bilen finala çykyp, «Çelsiden» utuldy.

Ýewrokuboklarda gazanylan umumy kuboklaryň sany boýunça tälimçileriň arasynda rekord eýesi italýan hünärmeni Karlo Ançelottidir (11 ýeňiş, olaryň arasynda 5-isi Çempionlar ligasynda).

Ýewropa ligasynyň final duşuşygyna «Aston Willanyň» köpden bäri janköýeri bolan Britaniýa tagtynyň mirasdüşeri şazada Uilýam hem gatnaşdy. Ýeňişden soň ol begenç gözýaşlaryny saklap bilmedi.

«Football Meets Data» portalynyň hasaplamalaryna görä, finalyň öňüsyrasynda «Aston Willa» bu möwsümde 42 million ýewro, «Fraýburg» bolsa 39,6 million ýewro pul baýragyny gazandy. Ýewropa ligasynyň ýenijisi bolandygy üçin Angliýanyň kluby goşmaça 6 million ýewro alar.

«Aston Willanyň» bu ýeňşi netijesinde geljek möwsümde Çempionlar ligasynda birbada alty iňlis kluby oýnap biler. Munuň üçin Emeriniň toparyna Premýer ligany (APL) bäşinji orunda tamamlamak ýeterlik. Çempionatyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda «Aston Willa» dördünji orunda barýar we «Liwerpuldan» üç utuk öňde dur.

Bellemeli ýeri, APL-de bäşinji ýeri eýelän topar Angliýanyň klublarynyň Ýewrokuboklardaky üstünlikli çykyşlary üçin berilýän goşmaça kwota esasynda ÇL-de orun alýar. Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolsa Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna gönüden-göni gatnaşmaga hukuk kazanýar. Şonuň üçin, eger-de «Aston Willa» çempionaty 5-nji ýerde tamamlasa, onda ÇL-e gatnaşmak hukugy goşmaça APL-de 6-njy ýeri eýelän topara berler.


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
5.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....