«Býörnli» APL-dan aşaky liga düşse-de, çempion bolan «Barselonadan» köp gazanar

  • 22.05.2026 11:36
  • 6.1k+

Angliýanyň Premýer-ligasynda 19-njy orny eýelän «Býörnli» kluby Çempionşipe düşer we möwsümiň netijeleri boýunça töleg hökmünde takmynan 50 million funt sterling (57,5 million ýewro) alar.

Deňeşdirme üçin aýtsak, Ispaniýanyň çempiony «Barselona» La Ligadaky ýeňşi üçin 52,9 million ýewro gazanar.

Bu tapawut Angliýadaky telewizion şertnamalaryň ulgamy bilen düşündirilýär. Onda APL-dan çykyp gidýän klublara Çempionşipe geçenden soň girdejiniň azalmagynyň öwezini dolmak üçin «paraşýut» tölegleri berilýär.

Soňky alty ýylyň içinde «Býörnli» APL-dan üç gezek çykyp gitdi. Bu döwürde klub jemi 150 million ýewrodan gowrak şeýle töleg aldy. Mundan öňki iki gezek çykyp gidişinde hem toparyň bir möwsümden soň Angliýanyň futbol elitasyna gaýdyp gelendigini bellemek gerek.

Soňky üç möwsümde «Býörnli» APL-yň 113 duşuşygynda bary-ýogy 16 gezek ýeňiş gazandy.

«Barselona» bolsa La Liganyň şu möwsüminde geçiren 37 oýnunyň 31-sinde ýeňiş gazandy.


düýn 23:57
734

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
7.9k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
7.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......