Mask Apple Intelligence-e garşy çykýar. Ol öz kompaniýalarynda Apple gurluşlaryny gadagan edip biler

  • 12.06.2024 15:06
  • 9.4k+

Ilon Mask Apple kompaniýasynyň iOS we macOS-a girizilen täze Apple Intelligence emeli aň funksiýalaryny tankytlap çykyş etdi. Milliarder sistemanyň “yzarlaýjylyk” mümkinçiliklerinden howatyrlanýandygyny we özüniň Tesla, SpaceX we X ýaly kompaniýalarynda iPhone-yň we beýleki Apple gurluşlarynyň ulanylmagyny gadagan edip biljekdigini aýtdy.

“Men muny islämok. Ýa-ha bu yzarlaýjy programma üpjünçiligini bes ediň, ýa-da ähli Apple gurluşlarynyň meniň kompaniýalarymyň çäklerinde ulanylmagy gadagan ediler” – diýip, telekeçi Tim Kukuň iOS-a täze sistemanyň girizilendigi baradaky habaryna teswir hökmünde X sosial ulgamynda ýazdy. Soňrak ol “kompaniýa gelýän adamlaryň öz Apple gurluşlaryny girelgede goýmaly boljakdygyny we olaryň signallary blokirlemek üçin Faradeý gözeneginde saklanjakdygyny” aýtdy.

Mask OpenAI-iň Apple-iň operasion sistemasyna girizilmegine nägilelik bildirip, munuň kompaniýanyň öz howpsuzlyk ýörelgelerini bozýandygyny aýtdy.
Ýatlap geçsek, kupertinoly kompaniýa 10-njy iýunda WWDC 2024 konferensiýasynda öz operasion sistemalarynda täze Apple Intelligence emeli aň funksiýalarynyň peýda bolandygyny habar berdi.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......