“Ýaramaz ýigitler” eýýäm ilkinji hepdesinde 100 million dollardan gowrak girdeji gazandy

  • 12.06.2024 14:23
  • 13k+

Uill Smitiň we Martin Lourensiň baş keşbi janlandyran “Ýaramaz ýigitler: güm bol ýa-da öl” (“Плохие парни: Катись или умри”) atly täze komediýa boýewigi prokatda ilkinji hepdesiniň ahyrynda 105 million dollar girdeji gazanyp, dünýä prokatynda açyldy. Munuň filmiň 100 mln dollarlyk önümçilik býudjetinden has köpdür.

Film Demirgazyk Amerikada 56 million dollar we halkara sebitlerde 48,6 million dollar gazandy diýip, Variety ýazýar.
Franşizanyň dördünji bölüminde Maýami polisiýasynyň işgärleriniň özleri hem häkimiýetden we mekir jenaýatçylardan gizlenmäge mejbur bolýarlar.
Filmiň režissýorlary “Hemişelik ýaramaz ýigitler” bölümi bilen tanalýan Adil El Arbi we Bilal Fallahdyr.
“Ýaramaz ýigitler” franşizasynyň birinji bölümi 1995-nji ýylda çykdy. Öňki üç filmde franşiza dünýäde 839 million dollar girdeji gazandy.


düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......