iOS 18 hödürlendi: nähili üýtgeşmeler bar?

  • 11.06.2024 14:41
  • 7.9k+

10-njy iýunda Apple-iň işläp düzüjiler üçin esasy tomusky konferensiýasy – Worldwide Developers Conference (WWDC) başlady. Onda kompaniýa iPhone üçin iş stolunyň sazlanmagyna we programmalaryň işine möhüm üýtgeşmeleri girizýän operasion sistemanyň täze täzelenmesini – iOS 18-i hödürledi. Bu barada MacRumors habar berýär.

iOS 18-de ulanyjylar, Android-de bolşy ýaly, “Baş ekran” boýunça programma nyşanlarynyň ýerini üýtgetmek, şeýle-de olaryň reňkini üýtgetmek we garaňky režimi işjeňleşdirmek mümkinçiligini aldylar.
Dolandyryş merkezi gaýtadan işlenen dizaýny hem-de täze galereýa we işläp düzüjileriň gurallary ýaly özleşdirmegiň giň mümkinçiliklerini aldy.
Şeýle-de, iOS 18-de Face ID arkaly programmalary blokirlemek mümkinçiligi, programmalary goragly bukjalarda gizlemek we gulplama ekranynda düwmeleri üýtgetmek mümkinçiligi amal edildi.
“Habarlar” programmasynda habarlara smaýlikleriň kömegi bilen jogap bermek, habarlary ibermegi meýilleşdirmek, teksti formatirlemek we täze tekst effektleri ýaly täze funksiýalar peýda boldy.

Mundan başga-da, iOS 18 hemra üsti bilen habarlary ibermegi öwrendi.
“Foto” we “Kartalar” programmalary-da üýtgeşmelere sezewar boldy.
iOS 18-iň ilkinji beta-wersiýasy işläp düzüjiler üçin eýýäm elýeterli, köpçülik üçin beta-wersiýa soňrak peýda bolar, resmi reliz güýzde bolar.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...