ÝHHG talyp hakly magistr maksatnamasyna ýazylyşygy yglan etdi

  • 11.06.2024 12:10
  • 8.5k+

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça talyp hakly magistr maksatnamasyna ikinji ýazylyşygy yglan etdi. Maksatnama Merkezi Aziýadan, Owganystandan we Mongoliýadan aýal-gyzlar gatnaşyp biler diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri ýazýar.

Maksatnama ýaş aýal-gyzlara durnukly ösüş üçin möhüm bolan gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda bilim almaga mümkinçilik berýär.
Awstriýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Norwegiýanyň we Polşanyň hökümetleri tarapyndan goldanýan bu talyp hakly maksatnama doly tölegli okuw, ýaşaýyş jaýy, transport we aýlyk talyp hakyny hödürleýär. Maksatnama 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli Nemes-Gazak uniwersitetinde geçiriler.
Gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini we energiýa netijeliligini strategiki dolandyryş boýunça hemmetaraplaýyn bilim alarlar, bu hem halkara we milli kompaniýalarda köp sanly karýera mümkinçiliklerine ýol açar.
Akademiki okuwdan başga-da, maksatnama terbiýeçilik goldawyny, gaýtadan dikeldilýän energetika desgalaryna baryp görmegi we professional gatnaşyklar toruny gurmak mümkinçiligini öz içine alýar.
Arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli kabul edilýär. Maksatnama barada doly maglumat ÝHHG-niň saýtynda ýerleşdirilen. Gatnaşyjylaryň hasaba alynmagy we goşmaça maglumatlar Nemes-Gazak uniwersitetiniň saýtynda elýeterlidir.
Habarlaşmak üçin: Alekseý Kobzew (kobzev@dku.kz); Sanýa Ahmetowa (akhmetova@dku.kz); Abylaýhan Soltanaýew (soltanayev@dku.kz).


28.06.2026 23:39
3.8k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

28.06.2026 10:02
2.1k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2.1k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.2k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......