XBot-L hytaý gumanoid roboty Beýik Hytaý diwaryna çykmagy başardy

  • 11.06.2024 07:06
  • 6.7k+

Robot Era kompaniýasynyň XBot-L gumanoid roboty Beýik Hytaý diwaryna çykdy we muny amala aşyran ilkinji gumanoid boldy diýip, Hi-Tech ýazýar.

XBot-L-de Unitree-iň H1 robotynyň tizligi ýa-da Boston Dynamics Atlas-yň çeýeligi bolmasa-da, ol diwaryň nätekiz üstünden ynamly hereket edip, basgançaklara çykyp, hatda garawul diňleriniň deňinde birnäçe taý-çi hereketini-de ýerine ýetirip bilýär.
Ýagtylygyň ýoklugy beýleki botlary “aljyradýanam” bolsa, XBot-L munuň hötdesinden geldi.
XBot-L-iň üstünlik gazanmagynyň syry Robot Era tarapyndan işlenip düzülen berkidiji okuwynda (RL) gizlenýär. Bu tehnologiýada ulanylýan Perceptive RL algoritmleri robota daş-töweregine “düşünmäge” we ýeriň üstüniň relýefine baglylykda ýöreýşini sazlap, şol wagtda çözgüt tapmaga mümkinçilik berýär.
Robot Era kompaniýasy senagat, lukmançylyk, oba hojalygy we ş.m. ýaly dürli pudaklarda robot ulgamlaryny ösdürmäge we öndürmäge ýöriteleşendir.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....