Alkaras çekeleşikli duşuşykda Zwerewi utup, "Rolan Garrosda" ýeňiş gazandy

  • 10.06.2024 21:11
  • 5.8k+

Ispaniýaly tennisçi, dünýäniň üçünji raketkasy Karlos Alkaras 2024-nji ýylda Tennis boýunça Fransiýanyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda ol nemes türgeni Aleksandr Zwerewden (ATP-niň reýtinginde 4-nji) üstün çykdy.

5 setläp dowam eden ýaryş 6:3, 2:6, 5:7, 6:1, 6:2 hasap bilen tamamlandy.
Duşuşyk jemi 4 sagat 19 minut dowam etdi.
Alkaras üçin bu ýeňiş möwsümde ikinji we "Rolan Garrosda" ilkinji üstünlikdir. Karýera "tuwulgasy" üçin oňa Australian Open-de ýeňiş gazanmak galdy.
Öň ol US Open (2022) we Uimbldon (2023) ýaryşlarynda ýeňiş gazandy.


08.06.2026 12:41
2k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......