Alymlar gözýaşdan zarýad alýan mikro-batareýany döretdiler

  • 10.06.2024 21:01
  • 8.8k+

Singapuryň Nanýan tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary adamyň gözýaşyndan zarýad alyp bilýän özboluşly batareýany döretdiler. Bu tehnologiýa “Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl: Fantom protokoly” filminde gahrymanlaryň ýüz keşpleri tanamak we gözüň hereketini yzarlamak üçin akylly galtaşykly linzalary ulanýandygyny görkezýän sahna bilen ruhlandy diýip, CNBC ýazýar.

Ýogynlygy bary-ýogy 0,2 mm, adam saçyndan, takmynan, iki esse inçe bolan kiçijik batareýa hemişe göz bilen galtaşykda bolýan akylly linzalar üçin niýetlenendir. Ol gözýaşda saklanýan glýukozadan “iýmitlenýär” we glýukozany siňdirýän ýörite material bilen örtülendir. Adam näçe köp aglasa, akylly linza şonça-da köp işlär.
Ýöne aglamak hökman däl – batareýa bio-ylalaşykly duzly erginiň kömegi bilen zarýad berip bolar. Eger batareýany ergine salsaň, glýukoza natriý we hlorid ionlary bilen reaksiýa girer, bu hem zarýady köpelder. Sekiz sagatlyk himiki zarýad 80% sygymy üpjün etmek üçin ýeterlikdir, bu bolsa linzany birnäçe sagat ulanmak üçin ýeter.
Häzirki wagtda akkumulýatoryň sygymy we naprýaženiýasy pes, ýöne alymlar olary artdyrmagyň üstünde işleýärler. Bazara çykandan soň, batareýanyň bahasy bary-ýogy birnäçe dollar bolar.
Bu işläp taýýarlama diňe bir görüşi gowulandyrmak üçin däl, eýsem, keselleri anyklamak we saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin ulanylyp bilinjek akylly galtaşykly linzalary döretmäge tarap möhüm ädimdir.


20.02.2026 18:09
2.4k+

Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.  Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi...

17.02.2026 09:29
4.2k+

Beýik Britaniýada elektrik toguny simsiz geçirmek synag edilýär

Beýik Britaniýada elektriki energiýasyny hiç hili simsiz geçirmek boýunça täze taslama badalga berildi. Wireless Power Transmission diýlip atlandyrylýan bu taslama, adaty elektrik ulgamlaryny we kabelleri simsiz ulgamlar bilen çalşyp boljakdygyny ýa-da olary bar bolan infrastruktura bilen bilelikde ulanyp boljakdygyny öwrenýär...

14.02.2026 17:27
3.4k+

NASA üçünji «ganatly» uçary synagdan geçirdi: ol ýangyç sarp edilişini peseldýär

NASA aerodinamiki garşylygy gowşatmak we ýangyjy az sarp etmek maksady bilen ýasalan CATNLF ganatynyň uly göwrümli modeliniň ilkinji uçuş synagyny geçirdi. Synag 29-njy ýanwarda Kaliforniýadaky NASA-nyň Armstrong adyndaky barlag merkezinde amala aşyrylsa-da, bu barada resmi taýdan diňe häzir habar berildi...

13.02.2026 10:25
1.3k+

Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi

Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat...