ChatGPT goldawly innowasion akylly äýnek hödürlendi. Ol nämeleri başarýar?

  • 10.06.2024 13:44
  • 6.3k+

Innovative Eyewear ChatGPT çat-botuna çatylan Eddi Bauer akylly äýnekleriniň täze toplumyny çykardy. Dört modelde (Horizon, Navigator, Velocity we Explorer) çykarylan äýnek iki mikrofon we dört dinamik bilen üpjün edilendir, bu bolsa ulanyjylara ses kömekçilerini (Siri we ChatGPT) işjeňleşdirmäge we soraglara jogap almaga mümkinçilik berýär.

ChatGPT-i işjeňleşdirmek üçin “Lýusid” diýen buýrugy aýtmak ýeterlik. Şondan soň AI kömekçisi haýyşlary ýerine ýetirmäge taýyn bolar. Äýnek hat taýýarlamaga, tekstleri gysgaltmaga ýa-da terjime etmäge kömek edip biler.
Eddi Bauer äýnegi ChatGPT goldawyndan başga-da, beýleki birnäçe aýratynlyklary hödürleýär:

  • Jaňlary kabul etmek;
  • Saz goýbermek;
  • Smartfondaky programmalary dolandyrmak;
  • Duýgur dolandyryş;
  • Batareýasy 12 sagada çenli işläp bilýär.

Eddie Bauer toplumy iPhone-a gowy çatylýar (ýakyn wagtda Android bilen çatyp bolýan görnüşi hem çykar”). Äýnegi 30 metre çenli aralykdan Bluetooth 5.2 arkaly smartfona birikdirip bolýar. Topluma zarýad beriji dok-stansiýa hem girýär.
Eddi Bauer äýneginiň reseptursyz modeliniň bahasy 229 dollardan, resepturly modeliniňki 249 dollardan başlaýar. Olary resmi Lýusid web sahypasyndan satyn alyp bolar.


şu gün 10:51
517

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......