Islendik äýnege oturdyp boljak örän ýeňil gijeki görüş linzalary döredildi

  • 14.06.2024 10:48
  • 8.6k+

Awstraliýaly alymlar adaty äýneklere oturdyp boljak örän ýeňil gijeki görüş linzalaryny işläp taýýarladylar. Bu oýlap tapyş uly we gymmat garnituralary ýa-da linzalara dakylýan predmetleri ulanmak zerurlygyny aradan aýryp, gijeki görüşi has köp adamlar üçin elýeterli edip biler.

Täze tehnologiýa agramy bir gramdan az bolan we islendik çarçuwa aňsatlyk bilen birleşdirilip bilinýän inçejik plýonkany ulanýar. Ol göze görünmeýän infragyzyl ýagtylygy göze görünýäne öwürmek arkaly işläp, adama garaňkyda görmäge mümkinçilik berýär.
Adaty gijeki görüş enjamlaryndan tapawutlylykda, bu tehnologiýa kriogen sowadyşy talap etmeýär, bu hem onuň ulanylyşyny has ykjam we amatly edýär.
Mundan başga-da, ol göze görünýän bilen infragyzyl ýagtylygy bir umumy şekile birleşdirip, garaňkyda bolup geçýän zatlar barada has realistik we aýdyň düşünje berip biler.
Işläp taýýarlama barada makala abraýly “Advanced Materials” ylmy žurnalynda çap edildi.
Häzirki wagtda alymlar tolkun uzynlyklarynyň diapazonyny giňeltmek bilen tehnologiýany kämilleşdirmegi dowam etdirýärler.


24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.6k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....