Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň taslamalary bilen tanyşdy

  • 09.06.2024 23:27
  • 17k+

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.

Saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň merkezi künjeginde taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy. Täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy meýilleşdirilýän ýerli çig mallar barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.
Görkezilýän şekil taslamalaryň hatarynda lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän pamyklar, saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan dürli enjamlaryň görnüşleri bar.
Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralaryna zerur bolan saglygy goraýyş enjamlarynyň we serişdeleriň her ýylda zerur hasaplanylýan möçberleri baradaky maglumatlara degişli çyzgylar görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynda öndüriljek serişdeleriň ýokary halkara görkezijilerine we häzirki zamanyň ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Munuň üçin bolsa döwrebap usullaryň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy ýerine ýetirilýän işleriň döwrebap bolmagynda ähmiýetlidir.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýe Respublikasynda we Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolup, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça tejribe alyşdylar hem-de bu ugurda häzirki döwrüň iň kämil tejribesini içgin öwrendiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geňeşmeleriň geçirilmeginiň, olaryň dowamynda ýurdumyzyň çäginde bar bolan çig mallaryň ekologiýa we ýaramlylyk derejesi, ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän suw çeşmelerini önümçilik maksady bilen ulanmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalaryň guralmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi Arkadag şäherinde döredilýän lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň önümçilik düzümlerinde taýýarlanjak serişdeleriň we enjamlaryň hil derejesine, olaryň ekologiýa ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidigini, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy usullarynyň netijeli ulanylmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


düýn 16:07
1.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....