Türkmenistan we Ýaponiýa täze bilelikdäki taslamalaryň üstünde işlemek meselelerini maslahatlaşýar

  • 07.06.2024 23:03
  • 4.4k+

6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Tsubaýyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda, esasanam söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, agzalan özara hyzmatdaşlygyň möhüm guraly hökmünde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hereket edýän toparlaryň çykyş edýändigini bellediler.
Nebit-gaz, himiýa we oba hojalygy pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilşi bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda energetika, gaz himiýasy pudaklarynda, uglerod bitaraplygy we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns çekildi.
Söhbetdeşler şu ýylyň awgust aýynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynda Astana şäherinde geçiriljek sammitine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlarynyň 15-nji mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada pikir alyşdylar.


düýn 19:38
4.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......