SOCAR we BOTAS Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä türkmen gazyny ibermek hakynda ylalaşyga gol çekdi

  • 07.06.2024 12:03
  • 8.8k+

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) we BOTAS türk kompaniýasy tebigy gazy satyn almak, ibermek we üstaşyr geçirmek hakynda birnäçe şertnamalara gol çekdiler diýip, "Nebit-Gaz" elektron neşiri Azertag agentligine salgylanyp habar berýär.

Gol çekmek dabarasyna Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri, SOCAR-yň gözegçilik geňeşiniň başlygy Mikail Jabbarow we Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar gatnaşdy.
Ylalaşyk SOCAR-yň üsti bilen Türkiýä tebigy gazy ibermekligi we Türkiýäniň üsti bilen Bolgariýa azerbaýjan gazyny ýetirmekligi, Nahçywana gaz ibermek ulgamynda hyzmatdaşlygy, şeýle hem Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä we üçünji ýurtlara türkmen gazyny ibermekligi göz öňünde tutýar. 
Şeýle hem Azerbaýjanyň gaz üpjünçilik kompaniýasy bilen BOTAS-y arasynda “Şah-Deňiz” käninden Türkiýä gaz ibermekligi dowam etmekligi göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekildi.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermekligiň ýakyn wagtda amala aşyryljakdygyny ynanýar.

“Baku-Tbilisi-Jeýhan, Baku-Tbilisi-Erzerum we TANAP ýaly turbageçirijili infrastruktura taslamalary bilen ebedileşdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygymyz diňe bir Türkiýe bilen Azerbaýjana bähbit getirmek bilen çäklenmän, sebitiň we Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna düýpli goşant boldy. Bilelikdäki tagallalarymyz, şeýle hem TANAP-yň geçirijilik ukybynyň artdyrylmagy netijesinde türkmen gazynyň Ýewropa we Türkiýä iberilmegi ýakyn geljegiň gürrüňi – diýip, Ärdogan Azerbaýjanda geçirilýän Baku energetika hepdeligine gatnaşyjylara ýüzlenmesinde aýtdy diýip, Interfaks habar berýär.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...