Dünýäde rak keseline garşy ilkinji sanjym synagdan geçirilýär: ilkinji hassanyň gürrüňi

  • 07.06.2024 11:40
  • 20k+

Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş gullugy (NHS) rak keseline garşy dünýäde ilkinji sanjymy kliniki synaglardan geçirmäge başlady. “Rak keseline garşy sanjym çykarmak” programmasyna eýýäm onlarça näsag goşuldy we ýene-de ýurduň 30 sany saglygy goraýyş edarasyndan müňlerçe adamyň gatnaşmagyna garaşylýar diýip, The Guardian ýazýar.

Rak keseline garşy sanjymy öwrenmek entek başlangyç tapgyrda hem bolsa, operasiýadan soň galan çiş öýjüklerini öldürmekde we çişiň gaýtadan döremek  howpuny peseltmekde eýýäm täsirlidigini görkezdi.
Başda synaga göni içegesinde, derisinde, öýkeninde, öt haltasynda, aşgazan asty mäzinde we böwreginde rak keseli dörän hassalar alyndy. Geljekde bu keseliň beýleki görnüşlerinden ejir çekýän hassalar üçin hem programmany giňeltmegi meýilleşdirýärler.
Sanjymy ilkinji bolup Kowentri uniwersitetiniň 55 ýaşly mugallymy, hassa Elliot Pfebwe aldy. Kolorektal rak keseli ýüze çykarylandan soň, ol operasiýa edilip, çişi aýryldy we himiýa bejergisini aldy. Hünärmenler çişiň derňewini geçirdi we COVID-19 sanjymyndaky ýaly, mRNA tehnologiýasyny ulanyp, ýöriteleşdirilen sanjymy işläp taýýarladylar.

“Bu synaga gatnaşmak kararyna gelmek özüm üçinem, maşgalam üçinem çynlakaý ädim boldy. Barlaglaryň we agyr himiýa terapiýasynyň kynçylyklaryndan geçip, rak keselini bejermegiň täze usulyna eltip biljek synaga gatnaşmak nähilem bolsa, ýakymly "- diýip,  Pfebwe gürrüň berýär.

BioNTech kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen sanjym immunoterapiýanyň bir görnüşidir. Ol näsagyň immun ulgamyna rakyň öýjüklerini tanamagy we olary ýok etmegi “öwredýär”, şeýle-de olaryň gaýtadan döremeginiň öňüni alýar. Waksina her hassa üçin aýratynlykda taýýarlanyp, bu iş birnäçe hepde wagt alýar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......