Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna berk käýinç yglan edildi

  • 07.06.2024 10:10
  • 21k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy Nuryýew Ýazgeldi Bäşimowiçe berk käýinç yglan etdi.

Degişli Buýruga döwlet Baştutany 6-njy iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Mejlisiň barşynda Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, şahsy düzümiň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow gullugyň ýolbaşçysyna döwlet serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin, serhet goşunlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça göz öňünde tutulan işlere berk gözegçilik etmegi, olaryň doly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......