Türkmenistanyň içeri işler ministrine käýinç yglan edildi

  • 07.06.2024 10:06
  • 23k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri Hydyrow Muhammet Allamyradowiçe käýinç yglan etdi.

Degişli Buýruga döwlet Baştutany 6-njy iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Mejlisiň barşynda içeri işler ministri M.Hydyrow gözegçilik edýän düzümleriniň şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek, ýol gözegçilik gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek babatda görlen anyk çäreler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ministrligiň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda döwrebap tehniki serişdeleri, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamlaryny işjeň ornaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Serdar Berdimuhamedow tomus paslynyň gelmegi bilen howanyň gyzmagy sebäpli, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy ministre tabşyrdy.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....