Şu gün DÇ-2026-nyň saýlama ýaryşynyň çäklerinde Türkmenistan – Özbegistan duşuşygy geçiriler

  • 06.06.2024 15:19
  • 16k+

Şu gün, 6-njy iýunda 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama böleginiň bäşinji tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Daşkentde Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 19:30-da başlar.

Duşuşyk Daşkendiň «Bunýodkor» stadionynda geçer.
Türkmen futbolçylary ýaşyl eşikde, özbek ýygyndysy ak köýnekçede çykyş eder.
Bu duşuşygyň Özbegistanyň «SPORT TV» teleýaýlymynda hem-de Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň UZBEKISTAN FA Youtube-kanalynda görkezilmegine garaşylýar.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy dört tapgyrdan soň bir utuk bilen E toparçanyň ýaryş jedwelinde üçünji orny eýeleýär.
Özbegistanyň milli ýygyndysy häzirki saýlama ýaryşynda dört oýna gatnaşyp, üç ýeňiş gazandy we bir gezek deňme-deň oýnady. Häzir Özbegistanyň hasabynda on utuk bar, şonuň netijesinde topar saýlama ýaryşynyň indiki tapgyryna çykmagyny üpjün etdi.


düýn 14:15
9.4k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 17:52
4.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......