120 ýyl bäri işläp gelýän Ženewa awtoulag sergisi bäsdeşlik we kynçylyklar sebäpli ýapylýar

  • 06.06.2024 14:51
  • 10k+

Dünýäde iň gadymy we iň abraýly awtoulag çäreleriniň biri bolan Ženewa awtoulag sergisi öz işini bes edýär. Bu barada serginiň guramaçylary mälim etdiler diýip, IXBT habar berdi.

1905-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilip gelinýän bu sergi "awtoulag pudagyndaky düşnüksiz ýagdaýlar, Ýewropada şular ýaly iri çärelere bolan gyzyklanmanyň peselmegi we beýleki sergi meýdançalarynyň bäsdeşliginiň güýçlenmegi sebäpli" ýapyldy diýip habarda aýdylýar.
2024-nji ýylda Ženewa awtoulag sergisine Ýewropanyň diňe iki sany esasy awtoulag brendi (Renault we Dacia) gatnaşdy, Ýaponiýanyň we Ýewropanyň beýleki iri öndürijileri bolsa oňa gatnaşmadylar.
Şeýle hem serginiň guramaçylary serginiň ýatyrylmagynyň sebäbi "senagat üçin şertleriň kyn mahalynda awtoulag öndürijilerde gyzyklanmanyň bolmazlygy, şeýle-de ýerli senagatyna goldaw berýän Mýunhen we Pariž awtoulag sergileriniň bäsdeşligi" bilen bagly diýip bellediler.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....