Köpden bäri garaşylýan iOS 18 funksiýalary iPhone-laryň aglabasynda işlemez

  • 05.06.2024 15:14
  • 7686
Köpden bäri garaşylýan iOS 18 funksiýalary iPhone-laryň aglabasynda işlemez

Apple 10-njy iýunda WWDC 2024-de iOS 18-i hödürlär. Ýöne insaýderleriň maglumatlaryna görä, onuň käbir AI funksiýalary diňe soňky çykan enjamlarda elýeterli bolar.

Neýroulgamlaryna we maşyn öwrenişine esaslanýan funksiýalar diňe iPhone 15 Pro, iPad Pro we M-seriýaly çipleri bolan Mac kompýuterlerinde işlejekdigini Bloomberg-iň analitigi Mark Gurman habar berdi.
Bu diýildigi, iPhone 15, iPad modelleriniň we M - seriýaly çipleri bolan käbir köne enjamlaryň iOS 18-iň mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp bilmejekdigini aňladýar.
Täze AI funksiýalaryny aljak enjamlaryň sanawy:

  • iPhone 15 Pro, iPhone 15 Pro Max we ondan soňky modeller;
  • iPad Air M1 (2022) we ondan soňky modeller;
  • iPad Pro M1 (2021) we ondan soňky modeller;
  • MacBook Air M1 (2020) we ondan soňky modeller;
  • MacBook Pro M1 (sensor panelli we panelsiz) we ondan soňky modeller;
  • M2 çipleri bolan Mac Pro;
  • Mac mini M1 (2020) we ondan soňky modeller;
  • Mac Studio (ähli modelleri);
  • iMac M1 / ​​M3 we soňraky modeller.

Täze funksiýalar, hatda iPhone 15, 15 Plus we ähli esasy iPad we iPad mini modelleri üçinem elýeterli bolmaz. M1 çipleri bolan kompýuterler we planşetler AI funksiýalaryny 50% ähtimallyk bilen kabul edip bilerler, sebäbi bu enjamlara eýýäm 2-3 ýyl boldy.


22.06.2024 18:47
1389

Apple "Vision Pro 2-ni" soňa goýup, oňa derek gulaklygyň arzan modelini çykarar

Apple kompaniýasy ikinji nesil Vision Pro giňeldilen hakykat gulaklygynyň işlenip taýýarlanyşyny gijikdirmek kararyna geldi. Muňa derek kompaniýa çäklendirilen funksiýalar toplumly enjamyň has elýeter wersiýasyny...

19.06.2024 11:12
3956

Apple ID geçmişde galdy: Kompaniýa hyzmatyň adyny Apple Account diýip üýtgedýär

Apple kompaniýasy Apple ID hasaba alyş hyzmatynyň rebrendingi hakynda habar berdi. Hyzmatyň täze ady - Apple Account eýýäm iOS 18, iPadOS 18, macOS Sequoia we watchOS 11 operasion ulgamlarda işjeň ulanylýar. Bu...

17.06.2024 18:29
5609

Huawei HarmonyOS hytaý bazarynda ilkinji gezek Apple-iň iOS-yndan öňe geçdi

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Huawei-iň HarmonyOS operasion ulgamy Hytaýyň bazaryndaky paýy boýunça Apple-iň iOS-yndan öňe geçdi. Bu barada Gizmochina habar berýär. Counterpoint Research barlag kompaniýasynyň...

12.06.2024 15:06
8965

Mask Apple Intelligence-e garşy çykýar. Ol öz kompaniýalarynda Apple gurluşlaryny gadagan edip biler

Ilon Mask Apple kompaniýasynyň iOS we macOS-a girizilen täze Apple Intelligence emeli aň funksiýalaryny tankytlap çykyş etdi. Milliarder sistemanyň “yzarlaýjylyk” mümkinçiliklerinden howatyrlanýandygyny we özüniň...