Alymlar “Üçünji uly barmak” protezini döretdiler

  • 04.06.2024 12:15
  • 12k+

Kembrij uniwersitetiniň alymlary sag eliň gyrasyna birikdirilen we bir el bilen zatlary dolandyrmaga mümkinçilik berýän “Üçünji uly barmak” protezini döretdiler, diýip Hightech neşiri Science portalyna salgylanyp habar berýär.

Protez aýaklaryň uly barmaklarynyň aşagynda ýerleşýän basyş datçikleri bilen dolandyrylýar we predmetleri almaga, çüýşeleri açmaga, kartlary tertiplemäge we hatda bananyň gabygyny aýyrmaga mümkinçilik berýär.
Synag wagtynda, meýletinçiler enjamy çalt özleşdirdiler, dürli ýumuşlary, şol sanda ownuk zatlary manipulirlemegi başardylar. Gatnaşanlaryň 99,3% tabşyryklary birnäçe synanyşykdan soň ýerine ýetirdiler we 98% ilkinji minutda protezleri özleşdirdi.
Işläp düzüjiler “Üçünji uly barmagyň” erkekler, aýallar, çagalar we garrylar tarapyndan ulanylyp bilinjekdigini bellediler. Häzirki wagtda topar doly işleýän protez döretmäge synanyşyp, tehnologiýany kämilleşdirmäge dowam edýär.


düýn 09:37
1.6k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.2k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
876

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.6k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......