OpenAI mekdep okuwçylaryna we talyplara niýetlenen ChatGPT Edu neýroulgamy işe girizdi

  • 04.06.2024 12:07
  • 1.5k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT Edu atly täze ösüşini hödürledi. GPT-4o modeline esaslanyp döredilen bu neýroset ýörite ylym-bilim ulgamynyň zerurlyklary üçin niýetlenendir.

Täze neýrosetiň ylym-bilim mazmunly tekstlere düşünişi, kodlaşdyrma we matematiki endikleri gowulandyryldy.

ChatGPT Edu okuwçylara we mugallymlara tapylgysyz kömekçi boljak birnäçe aýratynlyga eýedir. Neýroset şu aşakdaky işleri edip bilýär:

 

Mugallymyň ornuny tutýar: materialy özleşdirmäge kömek edýär, sowallara jogap berýär, düşündiriş berýär.

Ylmy işlerde: düzme, diplom işini, grant üçin arza ýazmaga kömek edýär, şeýle hem maglumatlaryň derňewini geçirýär, dürli çeşmelerden alnan maglumatlary umumylaşdyrýar.

Okuwçylaryň ýerine ýetiren işlerine çalt we takyk baha berýär.

Täze modelleri döretmäge ýardam berýär: Talyplar we mugallymlar öz GPT modellerini döredip, biri-biri bilen paýlaşyp bilerler.

ChatGPT Edu 50 dili goldaýar we her haýyş boýunça nyşanlaryň giň çägine eýedir,  bu bolsa uly göwrümli tekstleriň, mysal üçin kitaplaryň üstünde işlemäge mümkinçilik berýär.

Işläp düzüjiler ulanyjylaryň maglumatlarynyň ygtybarly goralan we gizlin bolmagyna aýratyn üns berdiler. ChatGPT Edu ulanyjylaryň beren maglumatlarynyň esasynda taýýarlanmaýar, bu bolsa olaryň maglumatlarynyň goraglylygyny kepillendirýär.

ChatGPT Edu-a giriş okuw edaralary üçin mugt. Girmek üçin OpenAI web sahypasynda arza tabşyrmaly.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...